Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisini wezipesinden boşatdy

21:4918.08.2021
0
22590

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Şöhrat Durdykulyýewiç Jumaýew başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky (Pariž şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmenistanyň Portugaliýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşadyldy. Şeýle-de Şöhrat Jumaýew başga işe geçmegi sebäpli, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili hem-de Türkmenistanyň Halkara sergiler býurosynyň ýanyndaky wekili wezipelerinden boşadyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň