Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguzdaky kärhanada panel jaýlaryň ähli zerur bölekleriniň önümçiligi ýola goýuldy

17:2718.08.2021
0
7060

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçilik ministrliginiň Daşoguzdaky demirbeton önümleri zawodynda 148-U belgili köp gatly iri panel ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ähli zerur düzüm bölekleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

Şeýle belgili jaýlar, esasan, dört gatly binalar bolup, olaryň her biri giň we beýik otagly, içki gurluşy gowulaşdyrylan öýlerden ybaratdyr. Mysal üçin, dört otagly öýüň umumy meýdany 120 inedördül metre ýetýär, üç otaglynyňky bolsa 100 inedördül metrden geçýär. Soňky ýyllarda sebitde kerpiç jaýlaryň gurluşygy has giňden ýaýbaňlanan-da bolsa, gurluşyk möhletiniň gysgalygy we bahalarynyň giň halk köpçüligine elýeterliligi sebäpli, iri panel binalara-da isleg bildirilýär. Şunda zawodda taýýarlanandygy sebäpli, panelleriň hiliniň ýokary bolmagynyň-da ähmiýeti az däldir. Özi-de iri panelli jaýlaryň hakyky hyzmat möhleti örän uzakdyr.

Soňky ýyllarda welaýatda zawodda öndürilen demirbeton panellerden we beýleki düzüm böleklerinden dürli gatly ondan gowrak jaý guruldy.

Birnäçe ýyl mundan öň düýpli durky täzelenenmegi netijesinde, Daşoguzuň demir-beton önümleri zawody müşderilerine iň häzirki zaman ölçeglerine laýyk gelýän köp dürli we köp sanly önüm hödürläp bilýär. Bu ýerde kärhananyň ussahanalarynyň köpüsiniň abzallary täzelendi, olarda indi döwrebap köpri kysymly ýük göterijiler, kesmek we egmek, sowuklygyna sozmak we nokatlaýyn kebşirlemek, şeýle hem armaturany işlemegiň käbir beýleki görnüşleri üçin desgalar oturdyldy. Bu ýerde ýokary öndürijilikli täze multikast, beton garyjy desga, kompressor gurluşy, bug generatory we başgalar işe girizildi. Şunuň ýaly täzeden enjamlaşdyrma kärhana diňe bir ýylda öndürýän önümleriniň görnüşini we möçberini artdyrmaga däl-de, eýsem ýaşaýyş jaý gurluşygyna işjeň gatnaşmaga-da mümkinçilik berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň