Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ankarada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy

19:2817.08.2021
0
12368

2021-nji ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy bilen Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi hem-de TÜRKSOÝ halkara medeniýet guramasy tarapyndan, Ankara şäherinde Türkiýäniň Milli kitaphanasynyň Kongresler zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy we 2021-nji “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly” mynasybetli ýurdumyzy giňden wasp edýän fotosuratlaryň we medeni gymmatlyklaryň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.

Açylyş dabarasyna Türkiýäniň Medeniýet we Syýahatçylyk ministriniň orunbasary Serdar Çam, Türkiýäniň Prezidentiniň orunbasary Fuat Oktaýyň dolandyryş edarasynyň wekilleri, TÜRKSOÝ halkara medeniýet guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Bilal Çakyjy, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretarynyň orunbasary Sultan Raýew, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa ýurtlary üçin sebit merkeziniň utgaşdyryjysy Wiorel Gutsu, Bütindünýä Saglyk Guramasynyň Türkiýedäki wekili Batyr Berdigylyjow, Gazagystanyň, Omanyň, Somaliniň, Çiliniň, Bangladeşiň, Moldowanyň we Portugaliýanyň Türkiýedäki Ilçileri, Türkiýede ýerleşýän beýleki daşary ýurt ilçihanalarynyň wekilleri, dürli jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkiýäniň Milli kitaphanasynyň işgärleri, türkmen talyplary, metbugat wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.

Serginiň açylyşynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Işanguly Amanlyýew ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda alnyp barylýan giň möçberli çäreler we ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, medeni-ynsanperwer ugurda milli, sebit we halkara derejelerde amala aşyrylýan işler barada çykyş etdi.

Şeýle hem maslahatda çykyp geplänler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gyzgyn gutlap, Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanyň barha gülläp ösýändigi barada bellediler. Türkmenistanyň taryhy, medeni gymmatlyklary hem-de gazanan üstünlikleri barada guralan sergi üçin minnetdarlyklaryny bildirdiler.

Soňra çärä gatnaşyjylar bilen bilelikde toý bagy kesilip, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we 2021-nji “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly” mynasybetli guralan sergi resmi taýdan açyldy.

Bu sergide Türkmenistanyň Prezidentiniň gymmatly eserleri ýerleşdirildi, şeýle hem Türkmenistanyň medeniýet we sungat eserleri, şaý-sepler, saz guralllary we beýlekiler goýuldy, Türkmenistanyň taryhyny we şu günki ösüşlerini we gazanan üstünliklerini beýan edýär fotosuratlar we portretler sergilendi. Çärä gatnaşan myhmanlar ýurdumyzyň baý medeni gymmatlyklary barada beýan edilýän eserlere uly gyzyklanma bildirdiler.

Sergi 2021-nji ýylyň 16-18-nji awgusty aralygynda açyk bolar.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylara ýurdumyzyň milli tagamlary hödür edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň