Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda täze gurluşyk kadalary tassyklanyldy

23:0114.08.2021
0
24443

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2021-nji ýylyň 24-nji iýunynda çykaran MB-54 belgili buýrugy bilen «Gurnama we monolit beton, demirbeton önümleriniň we gurnawlarynyň betonlaryny taýýarlamak üçin sementiň harçlanylşynyň bir kysym kadalary» atly TGK 5.01.01-2021 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary tassyklanyldy.

Bu buýruk Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 1083-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda, binagärlik, taslama we gurluşyk babatdaky kanunçylygy kämilleşdirmek, şähergurluşyk, binagärlik we gurluşyk çygrynda döwlet kadalaşdyryjy-tehniki we usulyýet resminamalaryny, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny bellenen tertipde işläp taýýarlamak we tassyklamak boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň üstüne ýüklenen wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen kabul edildi.

«Gurnama we monolit beton, demirbeton önümleriniň we gurnawlarynyň betonlaryny taýýarlamak üçin sementiň harçlanylyşynyň bir kysym kadalary» atly TGK 5.01.01-2021 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtynyň Hukuk maglumatlary bölüminde ýerleşdirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň