Soňky habarlar

Arhiw

Moskwanyň Döwlet sebit uniwersiteti türkmenistanly dalaşgärleri okuwa çagyrýar

13:1313.08.2021
0
32044

Moskwanyň Döwlet sebit uniwersiteti (MDSU) ýüz kyrkdan gowrak ugurdan hünärmenleri taýýarlaýar. Bu ýerde Russiýanyň ähli sebitleriniň we dünýäniň 50-den gowrak ýurdunyň wekilleri okaýarlar. Häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeklerinden 10 müňden gowrak adam bu unwersitetiň talyplarydyr.

Ýeri gelende aýtsak, Russiýa Federasiýasynyň uniwersitetleri dünýäde iň gowularyň biri hasaplanýar. Moskwanyň Döwlet sebit uniwersitetinde okuw ulgamy nusgawy akademiki bilimiň we häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň sazlaşygyna esaslanýar. Geljekki mugallymlary, dilçileri, žurnalistleri, psihologlary, ekologlary, syýasatçylary we beýleki hünärleriň wekillerini taýýarlaýar.

Bilim bakalawr, magistr we aspirantura laýyklykda alnyp barylýar.

Fakultetler:

  • Lukmançylygyň esaslary;
  • Hukuk;
  • Filologiýa;
  • Ykdysadyýet;
  • Döwlet dolandyryş;
  • Dünýä syýasat;
  • Dünýä dilleri we sebitleri öwreniş.

Mekdepleri we orta ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerini tamamlan türkmenistanly ýaşlar hem MDSU-nyň talyby bolup biler. Munuň üçin www.educationruss.ru web sahypasy ýa-da be@educationruss.ru electron salgysy arkaly anketa tabşyrmaly. Şeýle hem ýüze çykan sowallar bilen IMO / WhatsApp messenjerleri arkaly + 7 962 369 02 20 telefon belgisine baglanyp, ýüz tutup bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň