Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky ITEA açyk gapylar gününi we baýrakly ýaryş geçirýär

17:3212.08.2021
0
7712
Aşgabatdaky ITEA açyk gapylar gününi we baýrakly ýaryş geçirýär

IT akademiýasy topary sizi şu ýylyň 20-nji awgustynda geçiriljek Açyk gapylar gününe çagyrýar.

Çäräniň dowamynda ITEA hünärmenleri akademiýanyň wezipesi barada gürrüň bererler.

ITEA-da geçirilýän Açyk gapylar gününiň maksatnamasy şu aşakdakylardan ybaratdyr:

* Spiker-dizaýnerden «grafik dizaýny»;
* Hakatonyň ýeňijileriniň üstünlik hekaýasy;
* Interaktiw;
* Onlaýn aragatnaşyk arkaly meňzeş gyzyklanmaly adamlary tapmaklyk we olar bilen IT bilimlerini paýlaşyp bilmeklik.

Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar pursatdan peýdalanyp, ITEA uçurymlaryna sorag bermäge mümkinçilik alarlar.

Çärä gatnaşmak isleýänler şu ýere basyp, bellige alnyp biler.

Çäräniň başlanýan wagty: sagat 18:30-da.

Çärä gatnaşmak üçin töleg: mugt

ITEA-nyň açyk gapylar gününe gatnaşmaga isleg bildirýänlere bellige alynmaklyk üçin telefon belgi: +99361378593.

Şeýle hem ITEA @itea.ashgabat instagram sahypasynda bäsleşik yglan etdi. Bu bäsleşigiň netijesinde aşakdaky baýraklary aljak 3 sany ýeňiji kesgitlener:

1-nji ýer: «Programmirlemegiň esaslary» kursy boýunça okuwa mugt kabul ediler.
2-nji ýer: «Programmirlemegiň esaslary» kursy boýunça okuwa 50 göterim arzanladyş bilen kabul ediler.
3-nji ýer: «Programmirlemegiň esaslary» kursy boýunça okuwa 30 göterim arzanladyş bilen kabul ediler.

Bäsleşigiň hökmany şertleri:

* @itea.ashgabat instagram sahypasyna ýazylmaly;
* Ýazgynyň aşagyndaky teswirlerde üç sany dostuňyzy bellemeli;
* «direct» diýen ýere «Men gatnaşýaryn» diýip ýazmaly we elektron poçtaňyz bilen telefon belgiňizi goýmaly;
* Hekaýaňyzy @itea.ashgabat belligi bilen ýazmaly.

Bäsleşigiň ýeňijileri 1-nji sentýabrda – Bilimler we talyp ýaşlar güni baýramynda kesgitlener.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň