Arhiw

Eýranyň täze Prezidenti Ebrahym Raisi öz ýurdunda öndürilen sanjymy kabul etdi

11:2510.08.2021
0
905

Eýranyň täze saýlanan Prezidenti Ebrahym Raisi ýekşenbe güni koronawirus ýokanjyna garşy öz ýurdunda öndürilen COV Iran Barakat sanjymyny kabul etdi, bu barada ýurduň IRIB teleradiokorporasiýasy habar berdi.

Habarda Raisiniň sanjymy Tähranyň saglygy goraýyş edaralarynyň birinde alandygy aýdylýar, ýurduň teleýaýlymy bu wakadan şekilleri ýaýlymda görkezdi.

Ýeri gelende aýtsak, Eýranda öndürilen COV Iran Barakat waksinasy bilen ilatyň köpçülikleýin sanjymyna 12-nji iýunda Maşat şäherinde girişildi, sanjym 14-nji iýunda Eýranyň saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan köpçülikleýin uanmak barada ygtyýarnama aldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň