Turkmenportal logo
14.05.24
61906190
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan ilkinji gezek «Caspian Agro» halkara sergisine gatnaşar
Türkmenistan ilkinji gezek «Caspian Agro» halkara sergisine gatnaşarSurat: export.by

15 — 17-nji maý günlerinde Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde ýerleşýän «Ekspomerkezde» 17-nji «Caspian Agro we InterFood» halkara sergisi geçiriler. Oňa taryhda ilkinji gezek Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşarlar. Şeýle-de, Wenesuela hem bu sergä ilkinji gezek gatnaşar. Bu barada «Azernews» habar berýär.


Çeşmäniň habar bermegine görä, agzalan halkara sergide Türkmenistan we Wenesueladan başga-da, Germaniýa, ABŞ, Belarus, Belgiýa, Çehiýa, Hytaý, Koreýa Respublikasy, Estoniýa, Owganystan, Ispaniýa, Finlýandiýa, Fransiýa, Gruziýa, Hindistan, Eýran, Ysraýyl, Şwesiýa, Şweýsariýa, Italiýa ýaly ýurtlaryň kompaniýalary öz hyzmatlaryny we önümlerini görkezilişe çykararlar.


Üç günlük «Caspian Agro we InterFood» halkara sergisiniň esasy bölümlerine oba hojalyk tehnikalary we enjamlary, suwaryş ulgamlary, gaplamalar, oba hojalygynyň maldarçylyk we guşçylyk, aryçylyk, iýmit, weterinariýa, bagbançylyk, dökünler, miweler we gök önümler ýaly ugurlaryna degişli täze innowasion tehnologiýalar köpçülige hödürleniler.