Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýda ýokanç bilen keselleýänleriň sany artýar

23:2103.08.2021
0
1767

Hytaýda soňky günlerde koronawirus ýokanjy bilen keselleýänleriň çalt köpelýändigi habar berilýär. Ýurduň Döwlet Saglygy goraýyş edarasynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda bu keselden 1 müň 500-e golaý adam bejergi alýar hem-de soňky bir hepdede kesellänleriň tas 5 göterim artandygy ýüze çykaryldy. Keselliler bilen galtaşykda bolanlaryň tas 25 müňüsi berk karantin astyna alyndy, bu görkeziji iki hepde mundan öňki ýagdaýdan 57 göterim ýokarydyr.

Ýagdaý hususan-da, ýurduň Szýansu welaýatynda dartgynly bolmagynda galýar, şeýle hem merkezi Hunani we Ýunnani ülkelerinde kesellileriň köpelendigi bellige alyndy. Hytaýyň hökümeti ýagdaý bilen baglylykda keseliň ýüze çykan esasy ojaklarynda berk epidemologik gözegçiligi ýola goýdy we raýatlara seresaplylygy elden bermezligi, şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmegi maslahat berýär.

Hytaýda ilatyň arasynda köpçülikleýin sanjym işlerine geçen ýylyň dekabrynda başlandy, häzirki wagtda çenli ýurtda 1,63 miliard adam sanjym aldy, şu ýylyň 16-njy iýulynda bolsa Hytaýyň hökümeti 3-17 ýaş aralygyndakylara tizden-tiz sanjym etmek barada karar kabul etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň