Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Arslanmyrat Amanow hünär ýoluny ýurdumyzyň wise-çempiony “Ahal” futbol klubunda dowam eder. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda habar berildi.
GOÝÇÝSM-yň uçurymy bolan Arslanmyrat Amanow dürli ýyllarda Türkmenistanyň çempionatynda “Altyn Asyr”, “Aşgabat”, HTTU, Gazagystanyň çempionatynda “Okjetpes”, “Irtyş”, Özbegistanyň çempionatynda “Lokomotiw”, “Buhara”, AGMK hem-de “Sogdiana” toparlarynda çykyş etdi. Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2009-njy ýyldan bäri çykyş edip gelýär. 2019-njy ýylda BAE-de geçirilen Aziýa Kubogynyň final tapgyrynda çykyş eden Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň esasy oýunçysy hökmünde meýdana çykdy.
Ýeri gelende bellesek, A.Amanow şu möwsümiň birinji ýarymynda Özbegistanyň “Sogdiana” toparynda çykyş etdi.