Eýranyň täze saýlanan Prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasyna on Prezident gatnaşar

12:3103.08.2021
0
1546

Eýranyň täze saýlanan Prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasyna 73 ýurtdan 115 resmi wekil gatnaşar. Bu barada Eýranyň Yslam maslahat geňeşiniň metbugat sekretary Seýid Nezamuddin Musawi ýurduň täze saýlanan Prezidentiniň 5-nji awgustda geçiriljek kasam kabul ediş dabarasy barada beýan bereninde dile getirdi.

Eýranyň Yslam maslahat geňeşiniň metbugat sekretary Seýid Nezamuddin Musawi: «Eýranyň täze saýlanan Prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasyna 10 sany Prezident, 20 sany parlament spikeri, 11 sany daşary işler ministri we 10 sany ministr bilen birlikde parlament komissiýasynyň başlyklarynyň ýörite ilçileri, 11 sany halkara we sebitara guramasynyň ýolbaşçylary we wezipeli adamlary, BMG-nyň Baş sekretary, OPEK-iň başlygy, Parlamentara Bileleşigiň başlygy,

Ýewropa Bileleşiginiň wekili, D8 wekili, SITA wekili – jemi 115 sany resmi wekil gatnaşar.» - diýip belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň