Soňky habarlar

Arhiw

Baltika sebitlerinde ýangyjyň iň arzan ýurdy Latwiýa boldy

12:2103.08.2021
0
1110

Baltika ýurtlary boýunça ýangyç bahasy Latwiýada arzanlady, Estoniýa bilen Litwada bolsa ýokarlandy. Geçen hepdäniň ahyrynda benzin Tallinde, Wilnýusda iň gymmat bahadan, Rigada bolsa iň arzan bahadan satyldy.

Dizel ýangyjynyň iň ýokary bahasy Rigada we iň arzan bahasy Tallinde hasaba alyndy. Rigadaky «Circle K» ýangyç bekedinde 95 derejeli benziniň bahasy 1,3 göterim arzanlap, 1337 ýewro, dizel ýangyjynyň bahasy bolsa 1,4 göterim arzanlap, 1,237 ýewro düşdi.

Wilnýusda 95 derejeli benziniň bahasy 2,3 göterim gymmatlap, 1,346 ýewro çenli, dizel ýangyjynyň bahasy bolsa 1,6 göterim gymmatlap, 1,236 ýewro çenli ýokarlandy.

Tallindäki «Circle K» ýangyç bekedinde 95 derejeli benziniň bahasy 1,44 göterim gymmatlap, 1,459 ýewro, dizel ýangyjynyň bahasy bolsa 2,5 göterim gymmatlap 1,229 ýewro boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň