Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Gazagystandaky raýatlarynyň pasportlarynyň möhleti uzaldylýar

18:0231.07.2021
0
9961

Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy dostlukly döwletdäki raýatlarymyzyň pasportlarynyň möhletini uzaltmaga başlady ― diýip, diplomatik wekilhananyň resmi web saýty habar berýär.

Ilçihana bu mesele boýunça ir sagat 10-dan 13-e çenli iş alyp barýar. Türkmenistanyň Gazagystandaky raýatlary pasportunyň möhletini uzaltmak meselesi bilen Nur-Sultan şäherindäki ilçihana we Almatydaky konsullyk bölümine ýüz tutmaly.

Olaryň ýanynda aşakdaky resminamalar bolmaly:

  1. Bellenilen nusgada arza;
  2. Sowalnama, elektron we kagyz görnüşinde;
  3. Daşary ýurt pasportunyň göçürmesi;
  4. JPG görnüşinde 3x4 ululykdaky iki sany surat (elektron we çap edilen görnüşde).

Daşary ýurt pasportynyň möhleti mugt uzaldylýar.

Türkmenistanyň Nur-Sultandaky ilçihanasy Otyrar köçesiniň 8/1-nji jaýynda, Almatydaky konsullyk bölümi Nursultan Nazarbaýew adyndaky köçäniň 137-nji jaýynda ýerleşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň