Soňky habarlar

Arhiw

Russiýa Türkmenistandan ýene bir ýörite uçuşy amala aşyrdy

23:4128.07.2021
0
19448

Şu gün Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýene bir ýörite uçuşy amala aşyrdy.

Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, «Sibir» awiakompaniýasyna degişli uçar Türkmenabadyň Halkara howa menzilinden 172 adamy Russiýa alyp gitdi.

«Boeing 737-8ZS» uçary Moskwa wagty bilen 17:26-da Domodedowo howa menziline geldi.

Şeýlelikde, Russiýa pandemiýa döwründe Türkmenistandan 16-njy ýörite uçuşyny amala aşyrdy.

Ýatladýarys, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky yzygiderli howa gatnawlary 2020-nji ýylyň mart aýynda ýatyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň