Moskwa şäherinde asylly däbe öwrülen «Dutaryň owazy» halkara sungat festiwalynyň işi dikeldildi. Festiwal şu ýylyň güýzünde geçiriler.
Mälim bolşy ýaly bu festiwal meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň adyny göterýär. Ol 2015-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Festiwalyň altynjy möwsümi geçen ýylyň güýzünde meýilleşdirilipdi, ýöne pandemiýa sebäpli göz öňünde tutulan dabaralar geçirilmedi.
Şu ýyl festiwalyň çäginde nusgawy aýdym-sazlaryň bäsleşigini geçirmek hem meýilleşdirilýär. Bäsleşik 28-nji oktýabr ― 4-nji noýabry aralygynda geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin ýüztutmalar 1-nji oktýabra çenli kabul ediler.