Soňky habarlar

Arhiw

Polina Gurýewa Olimpiýa medaly gowşuryldy

15:2627.07.2021
0
27135

Tokio şäherinde geçirilýän XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň çäklerinde zenanlaryň arasyndaky agyr atletika ýaryşlarynyň 59 kilograma çenli agram derejesiniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Ýeňijileriň arasynda 21 ýaşly türkmenistanly türgen Polina Gurýewa hem bar. Ol ştangany götermegiň iki görnüşi boýunça 217 kilogram agyrlygy eýgerip (silterlemekde 96 + iteklemekde 121 kilogram), kümüş medala mynasyp boldy. Şeýlelikde, 2017-nji ýylda Bakuwda geçirilen Yslam Raýdaşlyk oýunlarynyň çempiony Olimpiýa medalyna mynasyp bolan ilkinji türkmenistanly türgen hökmünde taryha girdi.

Bu agram derejesinde altyn medala taýwanly Kuo Sinçun mynasyp boldy. Ol ştangany götermegiň iki görnüşiniň jemi boýunça 236 kilogramlyk sepgide ýetip bildi. Bürünç medaly bolsa 214 kilogramlyk netije bilen ýaponiýaly Ando Mikiko eýeledi.

Şeýlelikde, Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň bosagasynda ilkinji Olimpiýa medalyny gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň