Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Mavi» dükany Gurban baýramy mynasybetli arzanladyş yglan edýär

23:5521.07.2021
0
7357

Türk jinsi egin-eşiginiň Aşgabat şäherindäki resmi söwda nokady bolan «Mavi» dükany öz düregeý önümleri babatda (assortimentinde) 40% arzanladyş yglan edýär.

«Mavi» – dünýäde iň meşhur türk jinsi egin-eşik markalarynyň biridir. Bu markanyň egin-eşikleri dürli ululyklardaky modelleri bilen tapawutlanýar. «Mavi» markasynyň önümleri islendik beden görnüşine gabat gelmek we beden kemçiliklerini gizläp, onuň artykmaçlyklaryny bellemek maksady bilen döredilýär.

«Mavi» markasyna jinsi matasyndan taýýarlanylan köýnekler, şortikler (kelte balaklar), ýantorbalar, dürli görnüşli esbap daşlyklary we trikotaž önümleri degişlidir.

«Mavi» markasynyň önümleri bilen, onuň «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň ikinji gatynda ýerleşýän adybir dükanynda tanşyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 (61) 64-39-87; +993 (63) 71-94-47.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň