Türk jinsi egin-eşiginiň Aşgabat şäherindäki resmi söwda nokady bolan «Mavi» dükany öz düregeý önümleri babatda (assortimentinde) 40% arzanladyş yglan edýär.
«Mavi» – dünýäde iň meşhur türk jinsi egin-eşik markalarynyň biridir. Bu markanyň egin-eşikleri dürli ululyklardaky modelleri bilen tapawutlanýar. «Mavi» markasynyň önümleri islendik beden görnüşine gabat gelmek we beden kemçiliklerini gizläp, onuň artykmaçlyklaryny bellemek maksady bilen döredilýär.
«Mavi» markasyna jinsi matasyndan taýýarlanylan köýnekler, şortikler (kelte balaklar), ýantorbalar, dürli görnüşli esbap daşlyklary we trikotaž önümleri degişlidir.
«Mavi» markasynyň önümleri bilen, onuň «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň ikinji gatynda ýerleşýän adybir dükanynda tanşyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 (61) 64-39-87; +993 (63) 71-94-47.
Şeýle-de okaň:
- Aşgabatdaky “Altınyıldız Classics” dükanynda 40%-e çenli arzanladyş
- Aşgabatdaky “Koton Women” dükany Gurban baýramy mynasybetli 40% arzanladyşa çagyrýar
- Aşgabatdaky Koton Kids dükany Gurban baýramy mynasybetli 40% arzanladyş yglan edýär
- Aşgabatdaky «Ramsey» dükany baýramçylyk mynasybetli arzanlaşyklar barada habar berýär