Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly hünärmen Tokio Olimpiadasyna emin bolup gatnaşar

17:3121.07.2021
0
21185
Türkmenistanly hünärmen Tokio Olimpiadasyna emin bolup gatnaşar

Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça halka­ra de­re­je­li emin, Türk­menis­ta­nyň Agyr at­le­ti­ka mil­li fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň baş kä­ti­bi Ça­ry Mäm­me­do­w XXXII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­laryn­da emin­lik eder. Bu barada «Türkmen sporty» gazeti habar berýär.

Onuň agyr at­le­ti­ka­da emin hök­mün­dä­ki il­kin­ji çy­kyş­la­ry 2017nji ýy­la ga­bat gel­di. 2017-2018-nji ýyl­lar­da di­ňe bir ýur­du­myz­da däl, eý­sem-de, da­şa­ry döw­let­ler­de ge­çi­ril­ýän ýa­ryş­lar­da hem emin­lik edip ug­ra­dy.

Soňra Çary Mämmedow 2019-njy ýyl­da ABŞ-nyň Las-We­gas şä­he­rin­de ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da geçirilen dün­ýä bi­rin­ji­li­ginde, şol ýyl ulu­la­ryň ara­syn­da­ky dün­ýä çem­pio­na­ty­nda, 2019-njy hem-de 2020-nji ýyl­lar­da Pe­ru­da,Öz­be­gis­tan­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryn­da, 2021-nji ýy­lyň ap­relin­de Daş­kent­de bo­lan Azi­ýa çem­pio­na­ty­dyr şol ýer­de maý aýyn­da ge­çi­ri­len ýaş­la­ryň ara­syn­da­ky dün­ýä bi­rin­ji­ligin­de emin bolup işledi.

As­lyn­da, agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän ýa­ryş­lar­da emin­ler to­pa­ry teh­ni­ki we­kil­ler diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Her ýa­ry­şa emin­le­riň 40-a go­la­ýy gat­naş­ýar. Ýa­ry­şa we­kil­çi­lik ed­ýän emin­le­riň 10-a go­la­ýy­na žýu­ri di­ýilýär. Bir bö­le­gi bol­sa emin hök­mün­de ýa­ry­şa ba­ha ber­ýär.

Emin ýa­ryş­da tür­ge­niň gör­ke­zi­ji­le­ri­ne gö­rä ne­ti­je çy­kar­ýar. Žýu­ri­ler bol­sa ýa­ry­şyň so­ňun­da emin­le­riň çy­ka­ran ne­ti­je­le­ri­ni selje­rip, tas­syk­la­ýar­lar. Mun­dan baş­ga teh­ni­ki gö­zeg­çi­le­rem bol­ýar. Olar ştan­ga­nyň ag­ramy­ny,tür­ge­niň egin-eşi­gi­niň ýag­da­ýy­ny gözeg­çi­lik­de sak­la­ýar­lar. Umu­man, ýa­ryş­da­ky bo­lup geç­ýän äh­li he­re­ket­le­ri na­zar­la­ryn­dan syp­dyr­ma­ýar­lar. On­dan daş­ga­ry ýa­ry­şyň luk­ma­ny, di­rek­to­ry, baş kä­ti­bi hem bol­ýar. Olar ýa­ryş­da­ky res­mi­na­ma­la­ry, bo­lup geçýän äh­li ýag­da­ýy gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ýar­lar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň