Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan ikinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmaga taýynlanýar

16:4821.07.2021
0
5988

Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu ýylyň güýzünde Moskwada geçiriljek ikinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmagyna garaşylýar.

«Tegelek stol» görnüşinde geçiriljek halkara forumda Hazarýaka ýurtlaryň ykdysadyýetini ösdürmek, howa, energiýa, döwletara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy we işewür gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle-de döwrüň ýüze çykarýan derwaýys wakalaryna garşy bilelikde hereket etmek bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Forumyň çäginde syýahatçylyk, medeni-ynsanperwer we ýaşlar bilen bagly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça çekişmeler hem meýilleşdirilýär.

Birinji Hazar ykdysady forumy Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen 2019-njy ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilipdi. Onuň dowamynda Hazarýaka döwletleriň arasynda strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça möhüm ylalaşyklar baglaşylypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň