Soňky habarlar

Arhiw

«Ford» müşderilerine benzin ysly atyr hödürledi

18:0419.07.2021
0
3540
«Ford» müşderilerine benzin ysly atyr hödürledi

«Ford» kompaniýasy «Mach-E GT» kysymly elektrikli ulagyny öndürmesine öndürdi welin, bir kynçylyk bilen hem ýüzbe-ýüz boldy.

Geçirilen sowalnamada oňa gatnaşyjylaryň 70 göterimi täze ulagda matoryň sesi bilen benziniň ysynyň ýetmezçilik edýändigini nygtadylar. Şu islegi kanagatlandyrmak üçin Olfiction kompaniýasy tarapyndan benzin ysly atyr işlenip düzüldi.

Täze atyr adaty ulaglardaky enziniň, tüssäniň ysyny berip bilýär. Bu täsiri gazanmak üçin kompaniýanyň hünärmenleri tizlikden gyzdyrylan tekerleriň ysyny, hereketlendirijiniň tüssesiniň ysyny öwrendiler. Her niçik hem bolsa, atyry almak olara başartdy. Ýokarda görkezilen näsazlykdan nägile bolanlar mundan soň atyry ulagyň içine pürküp ulanyp bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň