Daşoguzdaky pagta egriji fabrigi öz önümlerini daşary ýurtlara eksport edýär

10:0615.07.2021
0
4983
Daşoguzdaky pagta egriji fabrigi öz önümlerini daşary ýurtlara eksport edýär

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguzdaky pagta egriji fabriginiň işe girizilenine kän wagt geçmedigem bolsa, ol dünýä dokma önümleri bazarynda orun tutdy, kärhananyň önümleriniň ýetmiş göterimden gowragy daşarky bazarlara ugradylýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

Şertnama borçlaryny yzygiderli ýerine ýetirýänligi we halkalaýyn egirme usulda taýýarlanýan arassa ýüplükleriniň ýokary hili bilen kärhana daşary ýurtly alyjylaryň arasynda abraý gazandy. Şu ýylyň birinji ýarymynda hem bu ýerde öndürilen 39,5 million manatlyk önümiň aglaba bölegi haryt-çig mal biržasynda baglaşylan şertnamalara laýyklykda eksporta iberildi.

Daşoguzyň pagta egriji fabrigi ýylda 16,6 müň tonna pagta süýümini gaýtadan işlemäge we pagtadan 14,5 müň tonna berk, arassa önüm öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde taýýarlanylýan «Ring» belgili pagta ýüplügi düýnä dokma önümleri bazarynda islegli harytdyr. Kärhanada oturdylan Italiýanyň «Marzoli», «Savio», «Loptex» kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary we işgärleriň kärine ussatlygy netiejsinde ýokary hilli önüm çykarylýar. Fabrigiň önümleri çig maldan başlap, tä ahyrky jemleýji tapgyra çenli takyklygy güýçli özlçeg enjamlary bolan laboratoriýada hökmany barlagdan geçirilýär.

Soňky ýyllarda Daşoguz welaýatynda döwlet maýa goýumlarynyň hasabyna sebitde ýetişdirilýän pagtany gaýtadan işleýän we ekologiýa taýdan arassa taýýar önüm çykarýan ýokary tehnologiýaly beýleki döwrebap önümçilikleriň hem gurlandygyny bellemek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň