Soňky habarlar

Arhiw

"Talyp sport" Türkmenistanyň Basketbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň ýeňijisi boldy

10:5414.07.2021
0
5111

Ýakynda Türkmenistanyň Basketbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky bäsleşik tamamlandy. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň toparlarynyň arasynda geçirilen ýaryşa ýedi topar («Talyp sport», «Binagär», «Kerwen», «Bürgüt», «Maliýe», «Dragon-OIL», «Gurluşykçy») gatnaşdy.

Toparlar ilki toparçalaýyn bäsleşikde güýç synanyşdylar. Geçirilen deslapky tapgyryň netijesinde «A» toparçada «Gurluşykçy» bilen «Dragon-OIL», «B» toparçada bolsa «Talyp sport» bilen «Binagär» toparlary öňe saýlandylar.

Ýarym final duşuşyklarynyň netijesinde «Talyp sport» «Dragon-OIL» toparyny 62:58 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Beýleki ýarym finalda bolsa «Gurluşykçy» 93:68 hasabynda «Binagärden» üstün çykdy.

Geçirilen aýgytlaýjy duşuşykda netijeli oýun görkezen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Talyp sport» topary Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň «Gurluşykçysyny» 73:68 hasabynda ýeňip, baş baýraga mynasyp boldy. Geçirilen duşuşyklarda netijeli oýnan institutymyzyň mugallymlary Ahmet Kiýathanowyň, Pälwan Akmämmedowyň, talyplarymyz Ýewgeniý Nazipowyň, Aleksandr Arhipowyň, Çary Kadyrowyň, Kerim Kiýathanowyň toparymyzyň baş baýragy eýelemegine uly goşant goşandyklaryny bellemek gerek. Ýeňiji bolan topary ýaryşa tejribeli tälimçi Toýly Baýryýew taýýarlady.

«Binagärden» 88:63 hasabynda üstün çykan «Dragon-OIL» topary hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmagy başardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň