Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmen hemrasy» ÝGPJ türkmen telekeçilerine ýokary hilli we arzan internet hyzmatlaryny hödürleýär

00:1714.07.2021
0
40464

“Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti türkmen telekeçilerine ýokary hilli we amatly bahadan internet hyzmatlaryny hödürleýär. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýty habar berýär.

Bu kärhana “TürkmenÄlem 52.0E” milli hemranyň mümkinçiliklerini ulanyp, Internede bolan elýeterliligi, wideomaslahat aragatnaşygy we telefoniýany, giň zolakly internet we korporatiw torlara bolan elýeterliligi (SCADA, wideogözegçilik we telemetriýa) üpjün edýär. Şeýle hem, ýokary hilli telelukmançylygy ulanmak, uzagara maslahat bermek, menzilara okuw we maglumatlary alşyp-berişmek mümkinçiligi bar.

“Türkmen hemrasy” ÝGPJ-niň artykmaçlyklarynyň biri – dürli geografik zolaklarda, şol sanda aragatnaşygyň süýüm-optiki ugurlarynyň ýok ýerlerinde signalyň ýokary derejede berilmeginiň üpjünçiligidir.

“Türkmen hemrasy” ÝGPJ 2015-nji ýylda “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň, “Türkmentelekom” telekommunikasiýa kärhanasynyň we “Altyn asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gatnaşmagynda döredildi. Hyzmatyň ýokary hili, tehniki taýdan hemaýat bermek babatda dessine seslenme we müşderiler üçin amatly bahalar prowaýdere ýurduň içinde we daşary ýurtlarda müşderileriniň sanyny artdyrmaga ýol berýär.

Habarlaşmak üçin we hyzmatlary ýerine ýetirmek şertnamasyny baglaşmak üçin maglumatlar:

Salgy: 744000, Aşgabat ş., Seýdi köç., jaý 10-A.

Tel.: +993 12 92-18-36

Faks: +993 12 92-18-31

Poçta: info.turkmenhemrasy@online.tm

sales.turkmenhemrasy@online.tm

Resmi saýt: turkmenhemrasy.gov.tm.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň