Soňky habarlar

Arhiw

Giriş synaglary dalaşgärleriň öz ýaşaýan welaýatynda geçiriler

19:1613.07.2021
0
23784
Giriş synaglary dalaşgärleriň öz ýaşaýan welaýatynda geçiriler

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärleriň ählisi giriş synaglaryny öz ýaşaýan welaýatynda tabşyrarlar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berdi.

Dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek möwsüminiň 25-nji iýula çenli dowam etjekdigini ýatladýarys. Giriş synaglary bolsa 28-nji iýulda başlanyp, 27-nji awgustda tamamlanar.

Ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine girmek bilen bagly has doly maglumaty şu salgydan tapyp bilersiňiz.

Şeýle hem «Turkmenportal» Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň açylandygyny habar beripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň