Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Maýkl Jordanyň sport aýakgaplary bäsleşikli söwdada satylar

15:4111.07.2021
0
5058

Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň açylyş güni «Sotheby's» bäsleşikli söwda öýi bu Oýunlaryň gymmatlygyna öwrülen zatlaryň 50-den gowragynyň bäsleşikli söwdasyny gurar.

«Euronews»-yň habaryna görä, gymmatly lotlaryň biri 1964-nji ýylda ýene-de Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda kanadaly meşhur türgen Garri Jeromyň geýen aýakgaplary hem bar. «Nike» kompaniýasy esasnaldyryjy Nill Bowermanyň hut özi tarapyndan taslanan bu aýakgabyň bahasynyň 800 müňden 1,2 million dollar aralygynda bolmagyna garaşylýar.

Ýene-de bir ünsi çekäýjek gymmatlyk Maýkl Jordanyň sport aýakgaplary bolar. Meşhur basketbolçy bu aýakgaplary Olimpiada ― 1984-de geýdi.

Gymmatlyklar 23-nji iýuldan başlap, onlaýn satuwda goýlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň