Soňky habarlar

Arhiw

Äpet pandalar ýitip gitmekden halas edildi

15:3411.07.2021
0
3992

Hytaýda äpet pandalar ýok bolmakdan halas edildi. Indi olar ýitip gitmegi ahmal hökmünde görkezilýän jandarlaryň sanawyndan biraz uzakda.

«Interfaks»-yň habaryna görä, görnüşleri goramak we goldamak, pandalaryň ýaşaýan ýerlerini gowulandyrmak we Hytaýyň bu sebitleri goldamak ugrundaky tagallalary sebäpli bu seýrek görnüşi halas etmek mümkin boldy. Geçirilen çäreleriň netijesinde ägirt pandalaryň sany 1800-e ýetdi.

Äpet pandalar 1961-nji ýyldan bäri Ýabany tebigatyň bütindünýä gaznasynyň (WWF) nyşanydyr. Hytaýda pandalar milli hazyna hasaplanýar. Olary öldürenler bolsa atuw jezasyna çenli çekilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň