Halkara energetika agentliginiň (IEA) gaz bazarynyň geljegi we häzirki ýagdaýy baradaky täze hasabata görä, 2024-nji ýyla çenli dünýä boýunça gaza bolan isleg, takmynan 4,3 trillion kub metre ýeter, bu häzirki pandemiýa şertlerindäki islegä garanyňda, 7% ýokarydyr.
2020-nji ýylda demirgazyk ýarym şarda gyş paslynda maýyl howa boldy we COVID-19 pandemiýasynyň täsiri sebäpli dünýäde tebigy gaza bolan isleg 1,9% ýa-da 75 milliard kub metr azaldy. IEA-nyň çaklamalaryna görä, şu ýyl gaza bolan global isleg 3,6% ýokarlanar.
Mawy ýangyja bolan islegiň ösüşi Hytaýyň, Hindistanyň ykdysadyýeti, Günorta we Günorta – Gündogar Aziýanyň ösüp barýan bazarlary üçin kömürden, nebitden öňe geçer.
Hasabatda aýdylmagyna görä, Türkmenistan Merkezi Aziýada gaz önümçiliginiň ösüşine liderlik eder, Gazagystanda önümçiligiň kuwwaty has çäkli bolar. Özbegistan bolsa 2025-nji ýyla çenli gaz eksport etmekde garaşylýan netijäni bermez.
Göz öňüne tutulýan döwürde Merkezi Aziýadan Hytaýa turbageçiriji arkaly gaz eksporty ýylda 40-45 milliard kub metr diýlip çaklanylýar. Görkezijiler 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende pes, sebäbi Türkmenistandan gazyň eksport akymlarynyň (8%) ýokarlanandygyna garamazdan, Özbegistandan we Gazagystandan gaz üpjünçiligi azalar.