«Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygyna berk käýinç yglan edildi

23:4409.07.2021
0
6990

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu gün geçirilen giňişleýin mejlisinde Baş prokuror B.Atdaýew döwlet Baştutanyna paýtagtymyzyň hojalyk düzümlerinde alnyp barylýan işleriň jemlerine hem-de “Türkmendemirýollary” agentliginiň edaralarynyň işlerine geçirilen prokuror barlaglarynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Bu düzümleriň işlerine geçirilen seljermeleriň dowamynda şu edaralarda alnyp barylýan işleriň guramaçylyk derejesiniň pesdiginiň hem-de birnäçe kemçiliklere ýol berilýändiginiň üsti açyldy. Döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, beýleki düzümlerde degişli seljeriş işlerini geçirmek dowam edýär.

Şeýle hem şol mejlisde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy Atamyradow Azat Silapowiçe berk käýinç yglan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň