Soňky habarlar

Arhiw

Angliýada geometriki elektrik stansiýasy işläp başlar

17:0509.07.2021
0
3566

Angliýanyň günorta-günbataryndaky Kornoull şäheriniň golaýynda geotermiki aýlanyş arkaly işleýän elektrik stansiýasy işe başlaýar.

Inženerleriň pikirine görä, bu tehnologiýanyň döredilmegi, ýangyçsyz energiýa ugrundaky çynlakaý ädimdir. Täze tehnologiýa ýeriň aşagyndaky 180 gradusa çenli gyzýan suwy nasoslamak, soň bolsa energiýa öndürmek üçin turbinany aýlaýan bugy yzyna almak arkaly işleýär.

«Euronews»-yň habaryna görä, taslamanyň awtorlarynyň pikiriçe, diňe Angliýada umumy elektrik kuwwaty 200 gigawat bolan şuňa meňzeş elektrik stansiýalary gurlup bilner.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň