Top.Mail.Ru

IATA Kerki halkara howa menziline kod berdi

14:1004.07.2021
0
17530

Kerki şäheriniň eteginde ýakynda gurlan halkara howa menziline halkara kod berildi. Menzil mundan soňra halkara uçuşlarda gysgaça KEA görnüşinde atlandyrylar. Hatda bu täze kod Halkara howa ulaglary birleşiginiň (IATA) resmi saýtynda hem peýda boldy.

Görnüşi ýaly, menzile berlen halkara kod onuň ýerleşýän şäheriniň ady bilen baglydyr. Umuman, IATA halkara derejeli howa menzilleriniň ählisine-de üç harply kodlary berýär. Halkara uçuşlar amala aşyrylan menzilleri şol kodlar bilen atlandyrmak we tapawutlandyrmak has amatlydyr. Şeýle hem bu kod howa menzilleriniň ýolagçylar üçin niýetlenen monitorlarynda, ýolagçy passportlarynda we goş-golam ýankagyzlarynda ulanylar.

Kerkiniň Halkara howa menziliniň 23-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp, ulanylmaga berlendigini ýatladýarys. Mundan ozal bu menzile ICAO tarapyndan dört harply UTAE kody hem berildi. Ýeri gelende aýtsak, ICAO-nyň indeksi howa gullugynyň ýerleşýän ýerini görkezýär, ol bellenilen çäkleriň arasyndaky aragatnaşygy düzgünleşdirýär hem-de aeronawigasiýanyň howpsuzlygyny, yzygiderliligini, netijeliligini hem-de tygşytlylygyny üpjün etmek üçin niýetlenendir.

Şeýle hem bu menzile Mýunhen Halkara howa menzili tarapyndan halkara ülňülere laýyk gurlandygy baradaky güwänama gowşuryldy. Bu güwänama meýilnamalaşdyrmak, taslamalaşdyrmak, olaryň fiziki häsiýetnamalaryna, howa menzilleriniň ulanylmagyna, oňa tehniki taýdan hyzmat etmäge bildirilýän talaplar, şeýle hem peýdalanylýan gonuş, nawigasiýa, meteorologiýa, yşyklandyryş-habar beriş ulgamlarynyň, beýleki zerur ulgamlaryň halkara kadalara we ülňülere laýyk gelýändigini tassyklaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň