Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýada Fuji dagyna çykmaga rugsat berildi

19:5201.07.2021
0
3373

Ýaponiýanyň merkezindäki Ýamanaşi sebitiniň ýolbaşçylary iki ýyldan soň ilkinji gezek mukaddes Fuji dagyna çykmak möwsümini açdylar.

Koronawirus ýokançlygynyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin ýerli dag külbeleriniň eýelerine ähli öňüni alyş çärelerini berjaý etmek, myhmanlaryň temperaturasyny ölçemek tabşyrylýar.

Mundan başga-da, syýahatçylaryň saglyk ýagdaýy daga barýan ýoluň başynda barlanar. «Regnum.ru» gullugynyň habaryna görä, ýurduň nyşany bolan mukaddes Fuji dagyna çykmagyň möwsümi sentýabryň ortalaryna çenli açyk bolar.

Fuji beýikligi 3776 metre deň bolan wulkandyr. Ol soňky gezek 1708-nji ýylda atlypdyr. Bu ýer Ýaponiýanyň iň meşhur syýahatçylyk ýerleriniň biri. 2013-nji ýylda Fuji UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň