Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň dokma kärhanalary Aşgabatda geçirilen sergide täze önümlerini hödürlediler

19:3129.06.2021
0
7219

Türkmenistanyň eksport harytlarynyň Aşgabatda geçirilen iki günlük sergisi öz işini tamamlady. Onda milli ykdysadyýetiň senagat we önümçilik pudaklarynyň iň täze önümleri görkezildi.

Önümleri daşary bazarlarda giňden tanalýan Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň öňdebaryjy ugurlarynyň biri dokma pudagydyr. Tebigy pagtadan öndürilen dokma önümleri diňe bir ýurduň içinde däl, eýsem, Russiýa, ABŞ, Beýik Britaniýa, Italiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Polşa, Germaniýa ýaly 100-den gowrak döwletde hem öz hyrydaryny tapýar. Türkmenistan dünýä döwletlerini taýýar önümlerden daşary hem ýüplüklerdir matalar bilen hem üpjün edýär. Türkmen pagtasyndan taýýarlanylan önümler dünýäniň naýbaşy onlugyna girýär.

Hemişe bolşy ýaly, türkmen dokma önümleri şu gezek hem serginiň myhmanlarynda, şol sanda daşary ýurtlulara-da uly gyzyklanma döretdi. Ýokary hilli trikotaž, jins matalar, dürli ýüplükler Türkmenistanda we daşary ýurtlarda telekeçileriň we ýönekeý alyjylaryň arasynda uly islegden peýdalanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň