Sankt-Peterburgyň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň ýolbaşçysy Ýewgeniý Grigoriýew «Peterburg gündeligi» inernet neşirine beren ýörite interwýusynda şäheriň GDA agza döwletleri bilen gatnaşyklary barada aýtdy. Hususan-da, ol üstünlikli hyzmatdaşlygyň mysaly hökmünde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga salgylanyp, biziň ýurdumyz bilen gämi gurluşygy, farmasewtika we ynsanperwerlik boýunça iri taslamalaryň alnyp barylýandygyny nygtady.
Hususan-da, 2020-nji ýylyň fewral aýynda Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglowyň Aşgabat şäherine saparynyň bolandygyny ýatlatdy . Şu ýyl wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Newa boýundaky şähere saparynyň hem iňňän netijeli bolandygyny aýtdy.
Şeýle hem Ýewgeniý Grigoriýew geljekde bilelikde göz öňünde tutulýan taslamalar barada hem gürrüň berdi.