Sadyr Žaparow 27-28-nji iýunda Türkmenistanda resmi saparda bolar

22:0825.06.2021
0
7119

Şu gün – 25-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow türkmen Liderine Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti S.Žaparowyň 27-28-nji iýunda Türkmenistana boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hasabatda nygtalyşy ýaly, 1992-nji ýylyň oktýabrynda iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Şol döwürden başlap türkmen we gyrgyz halky syýasy, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Häzirki döwürde däp bolan ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýady resminamalaryň 60-syny özünde jemleýär. Türkmen we Gyrgyz Respublikasy abraýly halkara we sebit guramalaryň çäklerinde-de işjeň hereket edip, birek-birege özara goldaw berýärler.

«Türkmenportal-yň» hem ozal habar berşi ýaly, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň