Arhiw

Žaparowyň Türkmenistana ilkinji saparyny amala aşyrmagyna garaşylýar

17:5824.06.2021
0
8881

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň şu ýylyň 27 ― 28-nji iýun günlerinde Türkmenistanda resmi saparda bolmagyna garaşylýar. Bu barada «Sputnik» gyrgyz Lideriniň metbugat gullugyna esaslanyp habar berdi.

Saparyň çäginde Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hem gepleşikleri geçirer.

Iki ýurduň Liderleriniň arasyndaky gepleşikleriň ikitaraplaryn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyklary mundan beýläk hem ösdürmäge, şeýle hem sebit we halkara derejeli işjeň meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanjakdygy aýdylýar.

Aşgabatdaky saparyndan soňra gyrgyz Lideri 28 ― 29-njy iýun günlerinde Täjigistanda saparda bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň