Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda alty etrap döwlete galla tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdi

15:0521.06.2021
0
1001

20-nji iýunda birbada alty etrap döwlete galla tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hoş habar iberdiler.

Galla oragynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ekerançylary öňde barýarlar. Meşhur türkmen bugdaýynyň taryhy watanynda şu möwsümde 62 müň 550 tonnadan gowrak galla öndürildi. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda bolsa 21 müň 500 tonnadan gowrak bugdaý hasyly ýygnaldy.

Bu welaýatda, beýleki sebitlerde bolşy ýaly, galla oragyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görüldi. Göçme abatlaýyş toparlary gallaçylara gije-gündiziň dowamynda hyzmat edip, olary zerur bolan ähli zatlar — ýangyç, ýangyç-çalgy serişdeleri, tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün edýärler.

Mehanizatorlar, sürüjiler we möwsüme gatnaşýan beýleki işgärler üçin meýdan düşelgelerinde degişli derejede ýaşaýyş şertleri döredildi, medeniýet işgärleriniň çykyşlary guralýar, göçme söwda nokatlary hereket edýär.

Lebap welaýatynyň ekerançylary hem uly netijeler gazandylar. Köýtendag etrabynyň gallaçylary 17 müň 600 tonnadan gowrak, Hojambaz etrabynyň ekerançylary bolsa 21 müň 200 tonnadan gowrak bugdaý hasylyny öndürip, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.

Ýurdumyzyň gündogar sebitinde güýzlük bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Tutuş möwsümiň dowamynda bugdaý meýdanlaryna yhlasly ideg edildi. Ekin meýdanlaryna ýeterlik mukdarda mineral we organiki dökünler berildi. Ähli möhüm agrotehniki çäreler alym agronomlaryň maslahatlary esasynda ýerine ýetirildi.

Mary welaýatynyň daýhan birleşiklerinde hem galla oragy güýçli depginde dowam edýär. Welaýatyň Tagtabazar we Ýolöten etraplary döwlet tabşyrygyny berjaý etdiler. Bu etraplar döwlet harmanyna şu güne çenli degişlilikde, 17 müň 300 tonnadan gowrak hem-de 25 müň 200 tonnadan gowrak ak bugdaý tabşyrdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň