Russiýanyň we Türkmenistanyň merkezi banklary häzirki wagtda karz guramalarynyň işine gözegçilik pudagyndaky hyzmatdaşlyk baradaky ozal gazanylan ylalaşyklary işjeňleşdirýär — diýip, Russiýa Federasiýasynyň Merkezi banky Trend habarlar gullugyna habar berdi. aýtdy.
Bankyň wekiliniň bellemegine görä, 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda Russiýanyň we Türkmenistanyň merkezi banklarynyň arasynda maglumat howpsuzlygy pudagyndaky howplar barada maglumat alyş-çalşyny resmileşdirjek kompýuter hüjümlerine garşy göreş boýunça hyzmatdaşlyk barada şertnama gol çekildi.
Geňeşleriň çäginde daşary ýurt hasaplaşyklarynda milli walýutalaryň paýyny artdyrmak, iki ýurduň karz guramalarynyň arasynda habarçy gatnaşyklaryny ösdürmek, türkmen banklaryny Russiýanyň bankynyň Maliýe habarlaşma ulgamyna birikdirmek we üpjün etmek meselesi, şeýle-de Türkmenistanyň töleg infrastrukturasynda Mir kartoçkalarynyň kabul edilmegi ara alnyp maslahatlaşylýar.
Ozal habar berlişi ýaly, 2020-nji ýylda Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwdada oňyn netije gazanylyp, bir ýyl ozalky bilen deňeşdirilende 39,6 göterim ýokarlanyp, 970,2 million dollara ýetdi.