Soňky habarlar

Arhiw

Şanhaýda dünýäniň iň beýik myhmanhanasy açyldy

20:3520.06.2021
0
4024
Şanhaýda dünýäniň iň beýik myhmanhanasy açyldy

Şanhaýda dünýäde iň beýik ýokary derejeli, restoranly myhmanhana açyldy. 120 gatly bina «J Hotel Shanghai Tower» diýlip atlandyrylýar. Şol bir wagtyň özünde ol dünýäniň iň beýik binalarynyň arasynda ikinji orny eýeleýär. Has takygy, «Shanghai Tower»-iň beýikligi 632, «Burj Khalifa»-nyňky bolsa 828 metre ýetýär.

Täze myhmanhanada myhmanlar üçin ýörite otaglardan başga-da, suw howuzlary, lobbi bar, «Luszýaszuý» maliýe merkezi we beýlekiler bar. Myhman otaglary ýerden 393 metr beýiklikde ýerleşýär. Myhmanhana Huanpu derýasynyň kenarynda ýerleşýär ― diýip, rg.ru habar berýär.

«Shanhai Tower»-iň gurluşygy üçin 2,3 milliard dollar sarp edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň