Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Yslam korporasiýasy bilen maliýe ylalaşygyny baglaşar

23:5719.06.2021
0
10857
Türkmenistan Yslam korporasiýasy bilen maliýe ylalaşygyny baglaşar

Döwlet daşary ykdysady iş banky kiçi we orta telekeçiligiň taslamalaryny maliýeleşdirmek, hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasy bilen 3 ýyllyk SWAP derejesine goşmaça ýyllyk 4,5 göterimli, 6 aýa çenli ýeňillikli döwri bolan 3 ýyla çenli möhlete maliýe ylalaşygyny baglaşar, şeýle hem onuň güýje girmegi bilen bagly işleri amala aşyrar. Munuň üçin degişli ygtyýar berýän Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, bu resminama ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maliýe serişdelerini çekmek, kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hem-de hususy ulgamyň ösmegine maliýe taýdan ýardam bermek maksady bilen kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň