«General Motors» ulaglaryny bitkoin arkaly satyp başlar

16:4519.06.2021
0
3913

Dünýäniň iň iri awtoulag öndürijileriniň biri bolan «General Motors» kompaniýasy ulaglaryň söwdasynda bitkoini hem hasaplaşyk serişdesi hökmünde girizdi. «Ixbt.com»-yň habaryna görä, bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Meri Barra kompaniýanyň 2020-nji ýylyň 4-nji çärýegindäki maliýe netijelerini ara alyp maslahatlaşmak wagtynda yglan edipdir.

Onuň sözlerine görä, «geljekde alyjylaryň islegi ýokary bolsa, bu pikiri amala aşyrmaga hiç zat päsgel bermez». Bilermenleriň pikiriçe, awtoulag giganty muňa garamazdan, kriptowalýutany awtoulaglar üçin töleg hökmünde kabul etmek kararyna gelse, bu ýagdaý bazara ep-esli täsir eder. Sebäbi «General Motors» ýylda 7 million awtoulag satyp bilýän kompaniýa.

Hünärmenleriň pikiriçe, häzirki wagtda dünýäde bitkoinden peýdalanyjylaryň sany, takmynan, 125 million adama ýetdi, 2025-nji ýyla çenli bu görkeziji 1 milliarda çenli artyp biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň