Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Kerkide täze howa menziliniň açylyşy 21-nji iýunda meýilleşdirilýär

13:1515.06.2021
0
31930

Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde täze howa menziliniň gurluşygy tamamlandy. «Türkmenportal»-a mälim bolşy ýaly, howa menzili toplumynyň açylyş dabarasy 2021-nji ýylyň 21-nji iýunynda meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda täze howa menzili toplumynyň enjamlaryny işe girizmek we ulanyşa tabşyrmak işleri dowam etdirilýär.

Kerki şäherindäki täze howa menzili Lebap welaýatyndaky iň uly infrastruktura taslamasydyr. Bu desga, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Gündogdy» hususy kärhanasynyň tagallasy bilen guruldy.

Kerki howa menzili sagatda 100 ýolagçy hyzmat etmäge niýetlenilendir. Döwrebap howa menziliniň desgalar toplumy 200 gektar meýdanda ýerleşýär. Bu meýdanda uçuş-gonuş zolagy, 4 sany dikuçar meýdançasy, 1700 inedördül metrden gowrak meýdany bolan ýolagçy terminaly, howa hereketini dolandyrmak merkezi, tehniki we goldaw hyzmatlary üçin jaýlar, inženerçilik aragatnaşyklarynyň giň ulgamy we ş.m. desgalar bar.

Kerki howa menzili, 2012-2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň raýat uçarçylygyny (awiasiýasyny) ösdürmek boýunça Milli maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginiň çäginde gurlan dördünji infrastruktura desgasy bolar. Bu maksatnama laýyklykda täze terminallar gurulýar, bar bolan ýöriteleşdirilen desgalaryň we hyzmatlaryň durkuny täzelemek işleri alnyp barylýar.

Kerki şäherindäki täze howa menziliniň işe girizilmegi Lebap welaýatynyň çalt ösmegine, söwda-ykdysady we ynsanperwerlik gatnaşyklary bilen syýahatçylygy işjeňleşdirmäge goşant goşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň