Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow harby ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna Gutlag hatyny ýollady. Milletiň Lideriniň Gutlagynda şeýle sözler bar:
«Mähriban uçurymlar!
Sizi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, döwlet özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy ygtybarly goramagy üpjün etmek üçin ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Harby akademiýany hem-de ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlamagyňyz, ýokary hünär bilimine, ilkinji serkerdelik derejesine eýe bolmagyňyz, zähmet ýoluna we gulluga gadam basmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Garaşsyz Watanymyzyň edermen gerçekleri!
Eziz Watanymyzyň iň täze taryhynda häzirki ösüşlerimiziň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň, merdana pederlerimiziň asyrlarboýy eden arzuwlarynyň wysal bolup, bütin Ýer ýüzüne dabaralanmasydyr. Şu ýyl hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny uludan toýlaýarys. Taryh üçin uzak bolmadyk döwrüň içinde hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülip, halkara giňişlikdäki ornuny has-da berkitdi. Siz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişiň hem ýokary derejede guralmagy üçin häzirden gowy taýýarlyk görmelisiňiz. Dabaraly harby ýörişden buýsançly başlaryňyzy belent tutup, ruhubelentlik we ýokary söweşjeň ruh bilen geçmelisiňiz, milli goşunymyzyň goranyş ukybyny we harby kuwwatyny, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten belent sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine äşgär etmelisiňiz, ynamly gadamlaryňyz bilen merdana ata-babalarymyzyň şu günki nesilleriniň gaýratyny, edermenligini we Watana wepalylygyny görkezmelisiňiz.
Siz ata Watanymyzyň harby howpsuzlygyny, çäkleriniň bitewüligini üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esaslaryny kesgitleýän Harby doktrinamyzdan ugur alyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzy berk goramalysyňyz. Ýurdumyzyň konstitusion gurluşyny, raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmelisiňiz.
Merdana Watan goragçylary!
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýüregi hasaplanýan Aşgabat bu günki gün dünýäde parahatçylygyň şäheri diýlip ykrar edilýär. Günsaýyn täze keşbe girýän gözel paýtagtymyz Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda hem mynasyp orun eýeleýär.
Şu ýyl biz Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyny şöhratlandyryp, ýokary derejede belläp geçdik. Bu baýramçylygyň şanyna bagyşlanyp geçirilen çäreler we dabaralar bolsa ak arzuwlaryň amala aşýan şäheri bolan Aşgabadyň dünýädäki ornuny has-da berkitdi, at-abraýyny has-da belende göterdi. Sportuň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň şäheri hökmünde ykrar edilýän paýtagtymyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän iri halkara sport ýaryşlary hem bu üstünlikleriň üstüni ýetirer. Siziň halkara derejedäki bu ýaryşlaryň guramaçylykly geçirilmegine mynasyp goşant goşjakdygyňyza, ýaryşlara işjeň gatnaşyp, üstünlikli çykyşlaryňyz bilen eziz Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterjekdigiňize berk ynanýaryn!
Hormatly serkerdeler, professor-mugallymlar!
Bütin dünýäde innowasiýanyň, ylmyň we tehnologiýanyň, şol sanda harby tehnikanyň ösýän döwründe ýurdumyzyň ýokary harby okuw mekdeplerinde okuw-terbiýeçilik işleriniň geçirilişini kämilleşdirmek, okuw-usulyýet işlerine iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, internet we elektron kitaphana ulgamlaryny giňden peýdalanmak, harby-watançylyk terbiýesini pugtalandyrmak zerur bolup durýar. Şoňa görä-de, eziz Watanymyzda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini dünýä derejesine laýyk getirmek maksady bilen, sanly bilim ulgamy ösdürilýär.
Siz şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirip, ylmyň iň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usullary arkaly her bir harby talybyň bilime, ylma we tehnologiýa bolan höwesini has-da artdyrmalysyňyz.
Hormatly uçurymlar!
Siziň ähliňizi Harby akademiýany we ýokary harby okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlamagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, mukaddes we jogapkärli gullugyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin».