Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Rysgal» PTB QR kod arkaly töleg kabul edýän söwda we hyzmat nokatlarynyň sanawyny paýlaşdy

12:0212.06.2021
0
15440

Türkmenistanyň «Rysgal» paýdarlar-täjirçilik banky QR kod arkaly töleg kabul edýän söwda we hyzmat nokatlarynyň sanawyny paýlaşdy.

Sanaw bilen şu salgyda dolulygyna tanyş bolup bilersiňiz.

Islendik ýerde, şol sanda, internet dükanlarda, taksilerde, restoranlarda, ownuk satuw söwda nokatlarynda we ş.m. mobil enjamynyň kömegi bilen satyn almak we tölemek, şeýle hem, islendik kagyz kwitansiýalaryny (ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy, tok, suw, gaz, düýpli abatlaýyş, telefon, internet, jerimeler, salgytlar we beýlekiler) mobil enjamy arkaly tölemek hyýal ýaly bolup görünýärdi.

Häzirki gün bu hakykatdyr. «QRcode» töleg ulgamy we «Rysgal Pay» mobil gapjygy size mobil enjamyňyzdan islendik tölegi tiz, amatly, ygtybarly amala aşyrmaga ýol berýär.

QR-kodlaşdyrma tehnologiýalarynyň esasynda mobil enjamlary üçin iki ölçegli matrisa kodly we adaty çyzykly şertli kodlaryň kömegi arkaly QRcode (Quick Response) töleg infrastrukturasydyr.

Bankyň «Rysgal Pay» mobil gapjygy mobil goşundysyny gurnap, özüňiz üçin amatly islendik usulda hasabyňyzy doldurmaga we töleg geçirmäge giň mümkinçilikler bardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň