«Iş Nokady» koworking merkezi we «Results Up» maslahat beriş kompaniýasy 12-nji iýunda «Döwrebap Lider» atly açyk treninge gatnaşmaga çagyrýar.
Trening aşakdaky toparlara niýetlener:
- telekeçiler;;
- ýolbaşçylar;
- maslahat beriş ulgamynyň wekilleri;
- hünärmenler;
- we özünde ýolbaşçylyk ukybyny ösdürmek isleýän her kim.
«Döwrebap Lider» treninginiň maksatnamasyna aşakdaky ugurlar goşulýar:
- Her biri 80 minutdan bolan iki sapak (arakesme 20 minut).
- Nazaryýet bölümi 80 göterim ― toparlaýyn gönükmeler, işewürlik bilen bagly oýunlar, kiçi toparlara bölünip ýumuşlary çözmek.
- Amaly bölüm 20 göterim ― meseleleriň çözgüdi, kiçi interaktiw okuwlar.
Treningiň alyp baryjylary:
- Döwran Halow ― ygtyýarnamaly tälimçi, 5 ýyl iş tejribeli;
- Ýaguda Halilowa ― ygtyýarnamaly tälimçi, öňki telekeçi.
Başlanýan wagty: 15:00.
Dowamlylygy: 180 minut.
Geçirilýän ýeri: «Berkarar» SDM, 10-njy gat, J1 blogy ― «Iş Nokady».
Gatnaşmagyň bahasy: 200 manat.
Habarlaşmak üçin: +99312 46-81-65.
Ýerler çäklidir.