Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen žurnalistleri Gazagystan baradaky döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar

13:3107.06.2021
0
3564
Türkmen žurnalistleri Gazagystan baradaky döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Gazagystanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Gazagystanyň baş redaktorlary kluby bilen bilelikde gurnalan «Gazagystan daşary ýurt metbugatynyň gözi bilen» atly VI halkara bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin 2020-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 2021-nji ýylyň 1-nji iýuly aralygynda türkmen metbugatynda ýerleşdirilen Gazagystan baradaky maglumat materiallar kabul edilýär. bäsleşige hödürlenýän işler 2021-nji ýylyň 10-njy iýulyndan gijä galman @mfa.kz elektron salgysyna iberilmelidir.

Bäsleşike Günorta we Demirgazyk Amerika; Ýewropa; GDA we Baltika ýurtlary; Ýakyn Gündogar we Afrika; Aziýa-Ýuwaş umman sebitleriniň her birinden bir ýeňiji yglan ediler. Ýeňijiler 2021-nji ýylyň awgust aýynda Gazagystanyň ösen şäherlerine, syýahatçylyk merkezlerine syýahat etmäge mümkinçilik alarlar. Şeýle-de ýazyjylar, žurnalistler, meşhur şahsyýetler bilen duşuşyklar geçiriler.

Bäsleşigiň ýeňijilerini daşary işler ministriniň orunbasaryny, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Halkara maglumat komitetiniň başlygyny we baş redaktorlar klubynyň prezidentini öz içine alýan emin agzalary kesgitlär. Bäsleşigiň netijelerini 2021-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli yglan etmek meýilleşdirilýär.

«Gazagystan daşary ýurt metbugatynyň gözi bilen» atly halkara döredijilik bäsleşigi 2014-nji ýyldan bäri geçirilýär.

Guramaçylar şu ýylky bäsleşigi Gazagystanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlamak kararyna geldiler.

Bäsleşigiň düzgünnämasy bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň