Soňky habarlar

Arhiw

Salwadorda bitkoin kanuny töleg serişdesine öwrüler

10:0307.06.2021
0
3944

Salwador bitkoini kanuny töleg serişdesine öwürjek dünýädäki ilkinji döwlet bolar. Muny ýurduň Prezidenti Naýib Bukele Maýamide geçirilen «Bitcoin 2021» maslahatynda aýtdy.

«3dnews.ru» habar gullugynyň ýazmagyna görä, ýurduň häkimiýetleri diňe bir bitkoiniň dolanyşygyny kanunlaşdyrmak bilen bagly kanunçylyk taslamasyny taýýarlaman, eýsem, Strike bilen hyzmatdaşlykda milli töleg ulgamyny döwrebaplaşdyryp, hasaplaşyk amallaryny bitkoin arkaly geçirmäge mümkinçilik berer.

Häzirki wagtda Salwadoryň ykdysadyýetinde ilatyň 70 göteriminiň bank karty we banklarda şahsy hasaby ýok. Zähmet migrantlarynyň öýlerine iberen serişdelerini serhetaşa geçirmek üçin ýygym bolsa serişdäniň 10 göteriminden hem gowrak. Ýurduň häkimiýetleri bitkoini dolanyşyga girizip, şeýle çykdajylaryň azaldylmagyna umyt baglaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň