Hökümetiň ýylyň bäş aýynyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady toplumyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeleriň birnäçesine ünsi çekdi. Geljek ýyl üçin döwlet býujetini taýýarlamak gaýragoýulmasyz çäreleriň hatarynda görkezildi. Şonuň bilen birlikde, milletiň Lideri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň beýleki orunbasarlary bilen bilelikde 2022-nji ýyl üçin maksatnamany işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Bar bolan mümkinçiliklerden ugur alyp, ýurdumyzy ösdürmek boýunça ozal kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini hem üpjün etmek möhümdir diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutany sözüni dowam edip, saglygy goraýyş hem-de durmuş taýdan goraglylyk ulgamlaryna uly möçberde maýa goýumlary gönükdirmek babatda ozal berlen tabşyryklaryň talabalaýyk ýerine ýetirilmeýändigini aýtdy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet eýeçiligine degişli kärhanalary, desgalary hususylaşdyrmak, paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek işlerini has-da çaltlandyrmagy, zähmet haklarynyň öz wagtynda tölenilmegine berk gözegçilik etmegi ýakyn geljek üçin esasy wezipeleriň hatarynda kesgitläp, bu ugurlardaky işleriň ýagdaýyny seljermegi hem-de işi bildirilýän talaplara laýyklykda guramak maksady bilen, netijeli çäreleri görmegi tabşyrdy.