Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly, tomus döwründe Hazaryň kenarynda raýatlarymyzyň göwnejaý we howpsuz dynç almagyny üpjün etmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkeziniň ýolbaşçysy N.Amannepesow hem-de bu merkeziň ýolbaşçysynyň orunbasary, içeri işler ministriniň orunbasary Ö.Hojanyýazow gatnaşdylar.
2257 ýollanma berildi
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkeziniň ýolbaşçysy N.Amannepesow Dolandyryş merkeziniň işini netijeli guramak boýunça zerur çäreleriň görlendigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, tomsuna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga isleg bildirýänleriň syýahatçylyk ýa-da beýleki degişli ýerli düzümlerde ýollamanama alýandygy habar berildi. Şu wagta çenli 2257 sany ýollamanama resmileşdirildi. Şol ýollamanamalary alan raýatlara Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan degişli rugsatnamalar berildi. Olara welaýatlardaky we paýtagtymyzdaky saglyk öýlerinde COVID-19-a garşy sanjym hem edildi.
Iki myhmanhanada «Tiz kömek» merkezleri döredildi
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň “Seýrana” we “Hazyna” myhmanhanalarynda gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek üçin zerur derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilen “Tiz kömek” nokady döredildi.
Myhmanhanalarda dermanhanalar döredildi
Zolakda ýerleşýän ähli myhmanhanalarda dermanhanalar döredildi we olar zerur derman serişdeleri bilen üpjün edildi, şeýle-de bu ýerde ýerleşýän ilata hyzmat edilýän desgalara işe kabul ediljek işgärler lukmançylyk gözegçiliginden geçirildi we olara sanjym edildi.
Myhmanhanalar myhmanlary öz awtoulaglary bilen garşylar
Syýahatçylyk zolagynyň çäginde degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat gözegçilik-geçiriş nokadynyň işi degişli tertipde ýola goýuldy. Dynç almaga gelýän raýatlar üçin myhmanhanalaryň awtoulaglarynyň hyzmatlary göz öňünde tutuldy.
Üçünji PZR gurnaldy
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky awtoduralgada COVID-19 ýokanjyny ekspres usuly bilen anyklamak ýola goýuldy. “Awaza” etrap saglyk merkezinde hem-de Türkmenbaşy şäher arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň barlaghanasynda Polimeraz zynjyrly reaksiýasynyň (PZR) enjamy gurnaldy. Şeýlelikde, häzirki wagtda Türkmenbaşy şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda şeýle enjamlaryň 3-si doly güýjünde ulanylýar.
Şeýle hem syýahatçylyk zolagynda zyýansyzlandyryş işleriniň dowam edýändigi bellenildi. Dolandyryş merkezi tarapyndan öňde goýlan wezipeleri birkemsiz çözmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Deňiz şypahanasynyň desgalarynda işleri ýola goýmagyň çäklerinde, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topar tarapyndan kabul edilen çözgütleri berjaý etmek arkaly, öňüni alyş çäreleri amala aşyrylýar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýylyň 1-nji iýuny — 1-nji sentýabry aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsümi döwründe Dolandyryş merkezi tarapyndan zolakda alnyp barylýan işlere gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, dynç alyş möwsüminde zolagyň epidemiologiýa ýagdaýy yzygiderli seljerilmelidir.
Bular barada aýtmak bilen, döwlet Baştutany şu ýylyň 14-nji maýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisinde berlen tabşyryklaryň degişli ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan doly ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtady.
Sanly ulgam arkaly iş maslahatynyň dowamynda milletiň Lideri Dolandyryş merkeziniň başlygynyň orunbasary, içeri işler ministriniň orunbasary Ö.Hojanyýazowyň hasabatyny diňledi.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň wagtlaýyn tertibine laýyklykda, awtoulaglaryň gatnawlaryna degişli netijeli çäreler göz öňünde tutuldy. Syýahatçylyk zolagyna girilýän ýerde gije-gündiziň dowamynda hereket edýän barlag-gözegçilik nokady döredildi. Onuň işine Içeri işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleri çekildi.
Şeýle hem möwsüm döwründe jemgyýetçilik tertibini, ýol hereketiniň kadalaryny we ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, şu maksatlar üçin degişli tehnikalaryň, hususan-da, wideogözegçilik ulgamlarynyň netijeli ulanylmagy babatda çäreler görüldi. Suwda halas edijileriň gije-gündizleýin nobatçylygy ýola goýuldy. Guramaçylyk meselelerini öz wagtynda çözmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyryldy.
Dolandyryş merkeziniň paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimliklerinde döredilen şahamçalarynda nobatçylyk guralyp, ýüz tutýan raýatlara degişli maslahatlar berilýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga isleg bildirýänler üçin wagyz-ündew çäreleri geçirildi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Hazaryň kenaryndaky şypahana zolagynda türkmenistanlylaryň howpsuz hem-de göwnejaý dynç almagy üçin ähli kadaly şertleri döretmegiň zerurdygyny nygtady. Şu maksat bilen, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bellenen kadalary, bildirilýän talaplary we arassaçylyk düzgünlerini hemmeleriň berk berjaý etmeginiň zerurdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany barlag-gözegçilik nokadynyň takyk işlemegine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.