Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatdaky Konstitusiýa binasyna gül dessesini goýdy

23:5218.05.2021
0
4454

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabarasy boldy.

Konstitusiýa binasynyň ýanyna milletiň Lideriniň gelmegi bilen Türkmenistanyň Döwlet senasy dabaraly ýaňlandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Konstitusiýa binasynyň etegine gül çemenini goýdy.

Döwlet Baştutanynyň yzysüre hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň hem-de Halk Maslahatynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, beýleki dabara gatnaşyjylar Konstitusiýa binasynyň etegine gül desselerini goýdular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň